Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna iş sapary bilen bardy. Bu barada TDH habar berýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Gyrgyzystanyň paýtagtyna çenli uçuşy amala aşyryp, «Manas» Halkara howa menziline gondy. Howa menzilinde hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar. «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Bitarap Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerinde açyk we deňhukukly dialoga ygrarlydygyny bellemek gerek. Ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň ugry boýunça giň netijeli hyzmatdaşlyk bu strategiýanyň esasy ugry bolup durýar» diýlip, TDH-niň habarynda bellenilýär. Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Bişkek şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Onuň dowamynda GDA-nyň çäginde köptaraplaýyn gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek, hususan-da, söwda, maýa goýumlar, senagat kooperasiýasy, innowasiýalar we sanlylaşdyrmak, ulag-logistika hem-de medeni-ynsanperwer ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle-de, döwlet Baştutanlary halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri barada hem pikir alşarlar. Sammitiň jemleri boýunça Arkalaşygyň çäginde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna degişli birnäçe resminamalara gol çekiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir