Oktýabr aýynyň başynda dürli ugurlarda iş alyp barýan gazak kompaniýalarynyň 30 sanysynyň wekillerini öz içine alýan Gazagystanyň işewür wekiliýeti Türkmenistanda saparda boldy. Alty günlük saparyň jemleri boýunça umumy bahasy 3 million amerikan dollaryna barabar bolan deslapky şertnamalar baglaşyldy. Bu barada inbusiness.kz. saýty habar berdi. «Astana» diplomatiýa kluby we Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan bilelikde guralan işewür wekiliýetiň saparynyň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň esasy ugurlary — ulag-logistika we üstaşyr geçirijilik mümkinçiligini ösdürmek, himiýa senagaty we oba hojalygy, şeýle-de işjeň maýa goýum hyzmatdaşlygy ýaly meseleler boýunça gepleşikler geçirildi. Gazagystanly işewürler Türkmenistanyň transport infrastrukturasyny gazak harytlaryny eksport etmek üçin esasy üstaşyr ulag geçelgesi hökmünde ulanmaga gyzyklanma bildirdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurda uly mümkinçilikler açylýar. Has takygy, Gazagystan bilen Owganystanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygynyň ösmegi bilen, Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçilikleriniň ähmiýeti barha artýar. Maglumat üçin, geçen ýyl gazak-owgan söwda dolanyşygy 1 milliard amerikan dollaryna barabar bolup, bu görkeziji 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, iki esse artdy. Mundan başga-da, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň Gündogar Aziýa bilen Pars aýlagynyň ýurtlarynyň arasynda iň gysga ýol bolup durýandygy bellenilip, onuň ähli mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga ynam bildirildi. Degişli ugur boýunça geçen ýyl ilkinji konteýner otlusy Gazagystandan Türkmenistanyň we Eýranyň üsti bilen Türkiýä ugradyldy. Täze ulag geçelgesi 6 müň kilometrden gowrak ýoly bary-ýogy 12 günde geçmäge mümkinçilik berýär. Türkmen tarapy Gazagystanyň harytlarynyň öz çäginden üstaşyr geçmegi üçin ähli zerur şertleri döretmäge taýýardygyny mälim etdi. Şeýle hem, Gazagystandan gelen işewür wekiliýetiň agzalary Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işi bilen tanyşdylar.