Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystan bilen özara söwda dolanyşygynyň möçberini ýokarlandyrmagy goldamagyň we onuň mundan beýläk-de ösmegi üçin täze mümkinçilikleriň tapylmagynyň zerurdygyny aýtdy. Türkmen döwletiniň Baştutany muny GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin amala aşyran iş saparynyň dowamynda Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen Bişkekdäki duşuşygynda mälim etdi. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň administrasiýasy sosial ulgamlarda habar berdi. Türkmenistanyň Prezidenti GDA agza ýurtlaryň Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde kabul edilen kararlaryň Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşmagyna we giňelmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Gyrgyzystan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhümdigine ünsi çekmek bilen, Serdar Berdimuhamedow doganlyk döwlet bilen özara gyzyklanýan ähli ugurlarda, şol sanda söwda we ykdysady ugurda gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny aýtdy. Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Baştutanlary özara gyzyklanýan ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de artdyrmak we güýçlendirmek barada ylalaşdylar diýip, Gyrgyzystanyň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi.