Soňky iki ýylda Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy ýokarlanyp, takmynan, 82 million amerikan dollaryna barabar boldy. Bu barada Gyrgyzystanyň döwlet Baştutany Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Bişkekde bolan duşuşygyň çäginde mälim etdi. Gyrgyzystanyň Prezidentiniň Administrasiýasynyň öz sosial torundaky sahypasynda habar bermegine görä, gyrgyz Lideri Türkmenistanyň Prezidentine GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurda iş sapary bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi Duşuşygyň dowamynda Sadyr Žaparow iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýe bolýandygyny, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň çalt depginde ösýändigini aýtdy. Mundan başga-da, gyrgyz tarapy Gyrgyzystanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga, şeýle-de bar bolan mümkinçilikleri ulanmak arkaly söwda, maýa goýum we ulag-logistika pudaklarynda täze, geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmäge çalyşýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparyna uly ornuň degişlidigi bellenildi.