Britaniýanyň Tebigat ylymlary muzeýi ýabany tebigatyň iň oňat suratlarynyň bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Oňa dünýäniň 95 ýurdundan fotosuratçylaryň işleriniň 50 müňe golaýy gelip gowuşdy diýip, «MIR 24» habar berýär. «Ýabany tebigatyň fotografy 2023» diýlip, fransuz Loran Ballest yglan edildi. Ol gyrmançada öz maýdalyna ýüzüp barýan üç iňňeli gylyçguýruk garaleňňejiň suwuň astynda düşürilen fotosuraty bilen ýeňiş gazandy. Leňňejiň ýanynda sary perli karanks balyjaklary bar. Surat «Altyn nal» diýlip atlandyrylypdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir