Türkmenistanda ýylyň başyndan bäri 90 müň tonnadan gowrak pomidor eksport edildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 10 müň tonna ýokarydyr. Türkmenistanda ýetişdirilen pomidor esasy import ediji döwletler Russiýa Federasiýasy, Gyrgyzystan, Gazagystan we BAE bolup durýar. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berildi. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda ýyladyşhanalarda gök we bakja önümlerini ýetişdirmekde türkmen telekeçileri uly öňegidişlikleri gazanýarlar. Esasan hem, Türkmenistanda ýetişdirilen pomidoryň eksport mukdary ýylyň-ýylyna artýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda döwrebap ýyladyşhanalaryň umumy meýdany 916 gektara barabar bolup, şonuň 868 gektarynda pomidor ýetişdirilýär. Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistan 2022-nji ýylda daşary ýurtlara 104 müň tonnadan gowrak pomidor eksport etdi. Ýokardaky maglumatlar bolsa, bu görkezijiniň 2023-nji ýylyň jemleri boýunça has-da ýokary boljakdygyny görkezýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir