Çyzyklary özbaşdak bitirmäge ukyply ekranly smartfonlar ýene bäş ýyldan bazara çykar. Bu barada «CCS Insight» kompaniýasynyň bilermenlerine salgylanýan CNBC teleýaýlymy habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, ekranlaryň täze görnüşi nanoörtgüler bilen üpjün ediler, bu bolsa sypjyryklary we beýleki zeperlenmeleri aýyrmaga ukyply bolar. Hünärmenler 2028-nji ýylda şeýle smartfonlaryň adaty hadysa boljakdygyny belleýärler. Emma olar şunda döwlen ekranlaryň özbaşdak dikelmegine garaşmaly däldigini duýdurýarlar, ýagny täze oýlap tapyş diňe ýüzleý çyzyklary ýok etmegi başarar. CNBC teleýaýlymy şeýle displeýleri döretmek pikiriniň täzelik däldigini habar berýär. 2013-nji ýylda LG kompaniýasy yzky tarapynda öz-özünden dikelýän örtgüli «G Flex» smartfonuny tanyşdyrypdy. Emma kompaniýa bu tehnologiýanyň işini gizlin galdyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir