Bişkek şäherinde iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Allaberdi Saparow Gyrgyzystanyň medeniýet, sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary, Bedenterbiýe we sport departamentiniň ýolbaşçysy Aýbek Abdymomunow bilen duşuşdy. Allaberdi Saparow Aýbek Abdymomunowa mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasynda bedenterbiýe we sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, bu babatda 2021-nji ýylda gol çekilen degişli ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmekligi göz öňünde tutýan resminama aýratyn orun degişlidir. Gyrgyzystanyň medeniýet, sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary kärdeşini doly goldap, iki ýurduň sport assosiasiýalarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň we sportuň käbir görnüşleri boýunça bilelikdäki türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. A.Saparow hem öz gezeginde Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şeýle türgenleşikleriň yzygiderli geçirilmeginiň tarapdarydygyny nygtap, bu ýerde gyş paslynda hem amatly howa şertleriniň bolýandygyny nazarda tutmak bilen, gyrgyz türgenlerini «Awazada» şeýle türgenleşikleri geçirmäge çagyrdy. Mundan başga-da, taraplar gyrgyzystanly we türkmenistanly türgenleriň GDA oýunlarynda hem-de Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edendikleri mynasybetli birek-biregi gutlap, iki döwletiň çäginde geçirilýän sport ýaryşlaryna türgenleriň özara gatnaşmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, A.Saparow Gyrgyzystanyň ýygyndy toparyny 2023-nji ýylyň 23-nji noýabryndan 28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçiriljek Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmaga çagyrdy. Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar netijeli häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ýokarlandyrmak barada ylalaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir