Russiýa we Gyrgyzystan özara haryt dolanyşygyny artdyrmak barada ylalaşdylar, onuň möçberini bäş milliard dollara ýetirmegi maksat edinýärler diýip, «MIR 24» ýazýar. «Biz öz ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň mümkinçiliklerimize laýyk däldigi barada pikire geldik» diýip, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Bişkekde Russiýanyň döwlet Baştutany Wladimir Putin bilen bolan gepleşikleriň netijesi barada beýanatynda aýtdy. Putiniň Gyrgyzystana sapary wagtynda birgiden resminamalara gol çekildi, olar ýustisiýa, tebigy gorlar we ekologiýa, oba hojalyk ugurlaryna degişlidir, taraplar şeýle-de bilim ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar. Putin Russiýanyň Gyrgyzystanyň ykdysadyýetine iri maýa goýujy ýurtdugyny nygtady, häzirki wagtda Respublikada Russiýa bilen bilelikde döredilen kärhanalaryň 800-e golaýy işleýär, olaryň hatarynda energetia, maşyngurluşyk we ulag ulgamlaryna degişli kärhanalar hem bar. Russiýanyň Prezidenti Bişkekdäki duşuşyk wagtynda kärdeşi Sadyr Žaparowy öz ýurdunyň Hormat ordeni bilen sylaglady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir