Prezident Serdar Berdimuhamedow Bişkekde geçirilýän GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitinde 2024-nji ýylda gadymy Samarkant şäherini GDA-nyň medeni paýtagty diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjy Türkmenistanyň goldaýandygyny habar berdi. Döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky ysnyşykly ynsanperwer gatnaşyklary, ozalkysy ýaly GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm we birleşdiriji şerti bolmagynda galýar. «Şu gün 2024-nji ýylda gadymy Samarkant şäherini GDA-nyň medeni paýtagty diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjy Türkmenistanyň goldaýandygyny habar bermek meniň üçin ýakymlydyr» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow belledi. Prezident Serdar Berdimuhamedow medeni paýtagtyň hormatly statusynyň çäklerinde medeni çäreleriň geçirilmeginiň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň halklarynyň medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna täze itergi berjekdigine, şeýle hem däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynanýandygyny aýtdy. «Sözümiň ahyrynda Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerinde mundan beýläk-de gatnaşyk etmäge berk ygrarlydygyny tassyklamak, biziň hyzmatdaşlygymyzyň uly geljeginiň bardygyna ynam bildirmek isleýärin» diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir