Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Arkadag şäherinde sadaka berildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, sadaka Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Karary esasynda, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň tutumly gurluşyklarynyň başlanmagyna ak pata bermäge, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan milli gahrymanlary ýatlap, olaryň ruhuna aýat-töwirleriň okalmagyna, şeýle hem ýakyn goňşuçylygyň, doganlyk gatnaşyklaryň hormatyna, Owganystanda ýakynda bolup geçen ýertitremede wepat bolanlary hatyralamaga bagyşlandy. Dünýä ýüzünde asudalygyň, abadançylygyň berkarar bolmagy, heläkçilikli hadysalaryň azalmagy üçin berlen sadakadan soňra, oňa gatnaşyjylar agzybirlikde Gökdepe metjidinde jemagat bolup juma namazyny okadylar. Olar bu ýere gelip, ilki bilen, metjitde goýlan mukaddesliklere tagzym etdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir