Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşmak üçin Gyrgyzystana amala aşyran iş sapary tamamlandy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Döwlet Baştutanyny Gyrgyz Respublikasynyň ýokary derejeli işgärleriň ugratmagynda Bişkekdäki «Manas» halkara howa menzilinden Aşgabat şäherine uçdy. Serdar Berdimuhamedow Bişkekdäki saparynyň dowamynda Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen hem söhbetdeş boldy. Taraplar söwda-ykdysady, syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Aşgabadyň howa menzilinde döwlet Baştutanyny Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly wekili Azizbek Madmarow hem-de resmiler adamlar garşyladylar. Madmarow Türkmenistanyň Prezidentini üstünlikli sapary bilen gutlap, GDA-nyň netijeli gatnaşyklaryny ösdürmekde ýurduň işjeň ornuny belledi. Taraplar Bişkekde geçirilen ýokary derejeli duşuşyklaryň türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyna, şeýle hem GDA-nyň çäginde uzak möhletleýin hökümetara hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir