«Beýik asyr», «Gurluş: Osman» taryhy seriallarynda baş keşpleri janlandyran türkiýeli meşhur aktýor Burak Özçiwit Arkadag şäherinde geçiriljek halkara film festiwalyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Bu barada HHM habar berdi. Ozal 14-15-nji oktýabrda Arkadag şäherinde «Arkadagyň säheri» halkara film festiwalynyň geçiriljekdigi barada habar beripdik. Şeýle-de, meşhur türk ssenaristi we prodýuseri Mehmet Bozdag hem film festiwalyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir