12-13-nji oktýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Sanly ulgamy, emeli aňy köp ugurda köpçülikleýin ösdürmek hem-de durmuşa geçirmek, IT pudagynyň ylmy-tehnologiki pikirlerini we olaryň taslamalaryny pudaklara ornaşdyrmak boýunça «Digital Bridge 2023» atly halkara forumy geçirildi. Ýokary derejeli foruma 30-dan gowrak ýurduň 2000-den gowrak ygtyýarly wekilleri, 300-den gowrak IT-kompaniýalary, şol sanda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Halkara foruma Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew gatnaşyp, öz çykyşynda soňky ýyllarda forumyň Merkezi Aziýada IT pudagynyň ösüşiniň soňky tendensiýalaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin iň uly meýdança öwrülendigini aýtdy. Iki günlik forumyň çäklerinde çykyşlar hususan-da, önümçiligi we jemgyýetçilik durmuşyny sanlylaşdyrylmak arkaly tizlik, ýokary hil we amatlylyk gazanmak, ilatyň, işewürligiň, döwletiň maglumat gatnaşyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, emeli aňy ösdürmek we ony köp ugurlara ornaşdyrmak, IT pudagyny ösdürmek, döwrebap pikirli IT hünärmenleri taýýarlamak, bu ugurlar boýunça tejribe alyşmak we köptaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerine bagyşlandy. Forumda gurnalan 200-den gowrak sergi zolagynda hem-de IT mekdepleriň sergisinde sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň ykdysadyýetden başlap hyzmatlar ulgamyna çenli jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna ornaşdyrylmagy arkaly ýokary netijeleri gazanmagyň tiz, amatly we döwrebap usullary öwrenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir