Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda 1,536,375 adam Azerbaýjana geldi. Bu babatdaky görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäki bilen deňeşdirilende, 32 göterim artdy diýip, «Report.az» ýurduň syýahatçylyk gullugynyň berýän maglumatlaryna salgylanýar. Maglumatlara görä, diňe sentýabr aýynyň özünde ýurda gelýän syýahatçylaryň sany geçen ýylky bilen deňeşdirilende 21 göterim artyp, 192115 adama ýetdi. Geçen aý Azerbaýjana iň köp myhman Russiýa Federasiýasyndan (50,5 müň) geldi. Bu babatda ilkinji üçlüge Türkiýe (36,1 müň adam) we Eýran (15,5 müň adam) girdi. Türkmenistandan bolsa, hasabat döwründe 2,3 müň adam Azerbaýjana bardy. Sanawdaky beýleki orunlarda Hindistan (11,6 müň), Gruziýa (10 müň), Saud Arabystany (7 müň), Gazagystan (6,7 müň), Pakistan (5,5 müň), Ysraýyl (4, 3 müň), Hytaý (4 müň), Özbegistan (3,6 müň), Kuweýt (3,1 müň), Ukraina (3 müň) we ABŞ (2, 2 müň) ýerleşýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir