Şu gün «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwala gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen daşary ýurtly myhmanlar gadymy döwürde Parfiýa şalygynyň paýtagty bolan Nusaý şäherine baryp gördüler hem-de «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag şäherine gezelenç etdiler. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berdi. Gadymy Nusaý şäheriniň taryhy-binagärlik ýadygärligi Aşgabatdan 18 km uzaklykda ýerleşýär. Bu ýerde film festiwalyna gatnaşyjylar üçin ekskursiýa guraldy. Myhmanlara Täze Nusaýdan sowgatlar gowşuryldy. Günüň ikinji ýarymynda halkara kinofestiwala gatnaşyjylar Arkadag şäherine aýlanyp gördüler we onuň ajaýyplyklary bilen tanyşdylar. Olar bu ýerde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna, Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkine hem baryp gördüler. Atçylyk sirkinde myhmanlar «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler. Olar ýelden ýyndam ahalteke bedewleri we türkmen jigitleri bilen ýadygärlik surata düşdüler. Daşary ýurtly meşhur kino ýyldyzlaryna milli don, telpek hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaby sowgat berildi.