Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda «Parahatçylygy berkitmäge goşan goşandy üçin» medaly döredildi, bu barada degişli çözgüt 13-nji oktýabrda Bişkekde geçen GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň sammitinde kabul edildi diýip, Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň metbugat gullugy habar berdi. Täze medal GDA-nyň ýurtlarynyň raýatlarynyň, şeýle hem beýleki döwletleriň wekilleriniň (raýatlarynyň) aýratyn şahsy hyzmatlaryny ykrar edilýän ýeke-täk döwletara tapawutlandyryş nyşany bolar diýlip, habarda bellenýär. Sylag halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmekde, ýurtlaryň we halklaryň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem-de dostlukly gatnaşyklary berkitmekde aýratyn işjeňlik görkezen adamlara gowşurylar. «Parahatçylygy berkitmäge goşan goşandy üçin» medaly bilen sylaglamak barada hödürnamalar GDA-nyň agza ýurtlarynyň ygtyýarly edaralary tarapyndan teklip ediler. Sylaglanýanlaryň sanawy Arkalaşygyň ýurtlarynyň Goranmak ministrleriniň geňeşi tarapyndan tassyklanar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir