2023-nji ýylyň 2-6-njy oktýabrynda Soçi şaherinde Maliýe howpsuzlygy boýunça III halkara olimpiada geçirildi. O.A.Ýastrebowyň başlyklyk etmegine geçirilen halkara olimpiada Russiýa Federasiýasynyň Maliýe ministrliginiň hemaýat bermeginde guraldy. Oňa 20 ýurtdan, esasanam, GDA agza döwletlerden talyplar gatnaşdylar. Maliýe howpsuzlygy boýunça III halkara olimpiadada Türkmenistana wekilçilik eden, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby Meýlis Hojamyradow olimpiadanyň ähli tapgyrlaryna üstünlikli gatnaşyp, II derejeli diploma mynasyp bolmagy başardy. Ýeri gelende ýatlatsak, 2022-nji ýylda geçirilen Maliýe howpsuzlygy boýunça II halkara olimpiadada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Baýnazar Nepesow «Halkara gatnaşyklary» ugry boýunça 1-nji orna mynasyp bolupdy.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir