12-nji oktýabrda bilelikdäki türkmen-awstriýa «Galkynyş» simfonik orkestri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde konsert berer. «Turkmenportalyň» maglumatlaryna görä, konsertde milli we dünýä belli nusgawylar Nury Halmämmedowyň, Lýudwig Wan Bethoweniň we beýleki kompozitorlaryň eserleri ýaňlanar. Orkestre Resul Gylyjow ýolbaşçylyk eder. Bilelikdäki türkmen-awstriýa «Galkynyş» simfonik orkestri 2009-njy ýylyň maý aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredildi. Bu Türkmenistanyň we Awstriýanyň sazandalarynyň Ýewropadaky ýeke-täk orkestridir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir