Russiýa, Hytaý we Mongoliýa «Beýik çaý ýoly» ady bilen döwletara jahankeşdelik ugruny işe goýbermekçi diýip, Russiýa Federasiýasynyň Ykdysady ösüş ministrligine salgylanýan «News.ru» ýazýar. Onuň ugry XVIII asyrda çaýyň eksporty üçin döredilen söwda ýoly boýunça geçer. Jahankeşdeler üçin zerur infrastruktura gurlar. «Beýik çaý ýoly» Hytaýdan Mongoliýanyň, Sibiriň, Uralyň we Powolžýäniň üsti bilen Moskwa hem-de Sankt-Peterburga çaý eltmek üçin hereket edipdir. Täze taslama Russiýanyň sebitleriniň 18-si goşulmaga taýýar diýlip, habarda bellenýär. Täze jahankeşdelik ugruny ösdürmek boýunça resminama üç ýurduň hökümetleri tarapyndan gol çekildi. Ýylyň aýagyna çenli taslamany durmuşa geçirmek boýunça Ýol kartasyny işläp düzmek meýilleşdirilýär. «Beýik çaý ýoly» ugry boýunça muzeýler, myhmanhanalar, düşelgeler, göwün açyş ýerleridir spa-salonlar we restoranlar gurlar.