Sankt-Peterburg döwlet Senagat tehnologiýalary we dizaýn uniwersiteti türkmen mekdep uçurymlaryny talap edilýän hünärleri öwrenmäge çagyrdy. Uniwersitetiň prorektory, Ykdysady ylymlaryň doktory Konstantin Antipow bu barada «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergide aýtdy diýip, SNG.Today ýazýar. Antipow Russiýanyň iň iri ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan uniwersitetiň dokma senagaty, moda senagaty we sanly dizaýn boýunça öňdebaryjydygy hakynda gürrüň berdi. Onuň belleýşi ýaly, uniwersitetde dürli ugurlar boýunça 23 müňden gowrak talyp bilim alýar. Şu ýyl bu uniwersitet Türkmenistanda geçirilen sergä ilkinji gezek gatnaşýar. Onuň ýolbaşçylary Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda bilim pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge umyt bildirýärler. Häzirki wagtda uniwersitetde türkmenistanly talyplaryň birnäçesi bilim alýar. Uniwersitet diňe ýokarda agzalan ugurlarda däl, eýsem çap we metbugat tehnologiýalary boýunça hünärmenleri hem taýýarlaýar. Antipow, Türkmenistanyň kitap neşiriniň ösüşine berýän ünsüni nygtady. Onuň aýtmagyna görä, çap etmek türkmen uçurymlary üçin geljegi uly ugur bolup biler, sebäbi bu ýokary okuw mekdebi GDA ýurtlarynda bu ugur boýunça hünärmenleri taýýarlaýan ýeke-täk uniwersitetdir. Şeýle hem ol Türkmenistanda dokma senagaty ugrunyň geljeginiň uludygyny belledi. Uniwersitet 90 ýyllyk taryhy bilen bu ugurda öňdebaryjy bolup durýar we onuň uçurymlaryna bütin dünýäde isleg bildirilýär. Sözüniň ahyrynda Antipow okuw üçin rus pul serişdelerini almagyň mümkinçiligi barada aýtdy we gyzyklanma bildirýän türkmen uçurymlaryny ýüz tutmaga çagyrdy.