Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen mähirli salamyny we türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Ol Türkiýede doganlyk Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigini belledi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrini gadymy türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkiýäniň daşary işler ministriniň Aşgabada bu saparynyň çäklerinde meýilleşdirilen gepleşikleriň we duşuşyklaryň mundan beýläk-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrini we doganlyk türk halkyny ýakynda belleniljek şanly sene — Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygy bilen gutlady. Türkiýäniň daşary işler ministri gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegine Türkiýe Respublikasynyň aýratyn gyzyklanma bildirýändigini belledi. Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň çäklerinde Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny we tekliplerini goldaýandygy üçin türk tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigi bellenildi. — Biziň ýurtlarymyz ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda işjek hyzmatdaşlyk edýärler — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi hem-de ýangyç-energetika toplumynda, ulag we aragatnaşyk ulgamynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidan däp bolan dostlukly döwletara hyzmatdaşlygyň özara bähbitlilik esasynda mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.