Argetinanyň Wilýa-Karlos-Pas şäherinde ýerli ýaşaýjylaryň biriniň kofe içmek islegi güýçli tokaý ýangynyna sebäp boldy diýip, «MIR 24» habar berýär. Ýangyny müňlerçe ýangyn söndüriji öçürip bilenok. Ot barha şäheri gurşap alýar, ýerli häkimiýetler ilaty gyssagly göçürýärler. Polisiýa kofe gaýnadynmak isläp tokaýda ot ýakan ýerli ýaşaýjyny saklady. Emma ol ýangynda özüni däl-de, birdenkä başlanan güýçli şemaly günäkärleýär diýlip, habarda aýdylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir