V Wena balyna we «Galkynyş» simfoniki orkestriniň konsertine gatnaşmak üçin Türkmenistana Awstriýadan myhmanlar geldiler, olar üçin medeni maksatnama taýýarlanyldy. Şol maksatnama Aşgabatda ýerleşen Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine baryp görmegi özünde jemleýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Şeýle hem dostlukly ýurduň wekillerine sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri bilen tanyşmak mümkinçiligi döredildi. Awstriýaly myhmanlar binagärlik we bezeg ulgamynyň häzirki zaman ösüşleri milli binagärligiň, bezeg serişdeleriniň däpleri bilen sazlaşykly utgaşýan täze şäheriň gözelligine haýran galýandyklaryny beýan etdiler. Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün bilelikdäki türkmen-awstriýa «Galkynyş» simfonik orkestri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde konsert berer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir