17-18-nji oktýabrda Pekinde «Bir guşak — bir ýol» halkara hyzmatdaşlygynyň üçünji forumy geçiriler. Muny Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Hua Çunýiniň sözlerine salgylanyp, Sinhua habar berýär. Esasy mowzugy «Bir guşak, bir ýoluň» ýokary hilli gurluşygy, umumy ösüşiň we abadançylygyň bilelikde gazanylmagy» diýlip atlandyryljak forumyň açylyş dabarasyna Hytaýyň Prezidenti Si Szinpiniň gatnaşmagyna garaşylýar. Dabarada Si Szinpin çykyş eder we foruma gatnaşyjylar üçin garşy alyş dabarasyny hem-de ikitaraplaýyn çäreleri geçirer diýlip, habarda aýdylýar. «Bir guşak — bir ýol» Hytaýyň Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň we Afrikanyň 60-dan gowrak ýurduny birleşdirýän bar bolan we täze söwda-ulag geçelgelerini döretmek boýunça halkara başlangyjydyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir