Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýanyň Energetika hepdeligi forumynyň umumy mejlisinde Demirgazyk—Günorta ugrunyň durmuşa geçirilýändigini we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň muňa gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy. Muny «Report.az» habarlar portalynyň Russiýadaky edarasy habar berdi. Putiniň bellemegine görä, bu işe gatnaşýanlar — Eýran, Azerbaýjan bilen eýýäm ylalaşyklar bar, Türkmenistan we Gazagystan hem bu ugra gyzyklanma bildirýärler. «Ýoluň esasy bölegi üstünden geçjek Azerbaýjan hem gyzyklanma bildirýär, bu — Hazar deňziniň bir tarapynda. Hazaryň beýleki tarapynda bolsa Gazagystan, şeýle hem Eýrana, ondan aňryk bolsa Pars aýlagyna çykyp bilýän Türkmenistan bar» diýip, çeşme Putiniň sözlerini getirýär. Rus Lideriniň aýtmagyna görä, taslama tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar we ugur boýunça ýük gatnawy görnetin öser.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir