Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ispaniýa Patyşalygynyň Milli baýramy mynasybetli Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI-a we ýurduň ähli halkyna mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Filipp VI-a tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Ispaniýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi. Ozal Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem Ispaniýanyň Patyşasyny gutlandygy barada habar beripdik.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir