Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda geçirilýän «Korkut Ata» türk dünýäsiniň halkara film festiwalynda Türkmenistanyň wekili Ahmet Amandurdyýew «Gyzyl alma» filmindäki ýerine ýetiren keşbi üçin «Iň gowy aktýor» ugry boýunça baýraga mynasyp boldy. Filmiň sýužeti gündogar edebiýatynda meşhur bolan gyzyl almanyň rowaýatyna esaslanýar. Filmiň režissiýory Hekim Alowow gahrymanlaryň üsti bilen türkmen halkynyň haýyr-sahawat we sahylyk ýaly häsiýetlerini ussatlyk bilen açmagy başarypdyr. «Korkut Ata» festiwaly şu ýyl Bakuwda geçirildi. Oňa Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we Russiýadan çeper, dokumental we animasiýa filmleriniň 32-si hödürlendi. A.Amandurdyýewiň ýerine ýetiren keşbiniň eminler tarapyndan ýokary baha mynasyp bolandygyny bellemelidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir