Adamzat geljekde dermanlyk ösümlikleriň ýok bolmagy sebäpli dermanlaryň ýarpy böleginden mahrum bolup biler. Bu barada Beýik Britaniýanyň Kýu Patyşalyk botanika baglarynyň (RBG Kew) alymlarynyň baştutanlygyndaky «Dünýäniň ýagdaýy» halkara ylmy toparyň agzalary duýdurýarlar. Olaryň geçiren ylmy-barlaglarynyň netijesi «Annual Review of Environment and Resources (ARER)» ylmy žurnalynda çap edildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar. Hasabata görä, dünýädaki gülleýän ösümlikleriň ýarysyna golaýy ýitip ýok bolmagynyň öňüsyrasynda dur. Gürrüň takmynan görnüşleriň 100 müňüsi barada barýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir