Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen W.N.Tatişew adyndaky Astrahan Döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Resminama gol çekmek dabarasy 12-nji oktýabrda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde geçirildi. Degişli resminama okuw seminarlaryny, ylmy-amaly maslahatlary we barlaglary geçirmekde bu ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk edilmegini göz öňünde tutýar. Oňa laýyklykda, bu uniwersitetleriň arasynda akademiki çärelere gatnaşmak üçin özara çakylyklary, makalalary, okuw we görkezme gollanmalaryny, okuw maksatnamalaryny alyşmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk ediler. Mundan başga-da, bu resminama iki uniwersitetiň mugallymlarynyň we talyplarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir