Türkmen gümrükçileri Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda gümrük gullukçylarynyň hünär etikasy boýunça geçirilýän sebitleýin maslahata gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň web sahypasynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, okuw seminary Bütindünýä gümrük guramasy bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň bilelikde gurnamagynda geçirilýär. Çärä Bütindünýä gümrük guramasynyň, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Albaniýa, Gruziýa, Azerbaýjan, Gyrgyzystan, Moldowa, Özbegistan, Serbiýa we başgada birnäçe döwletleriň gümrük gulluklarynyň işgärleri gatnaşýarlar. Seminaryň dowamynda gümrük işgärleriniň hünär bilimlerini kämilleşdirmek boýunça ýörite çykyşlara aýratyn orun berilýär. Çykyşlara degişli ugur boýunça tejribe alyşmaga aýratyn üns berler. Habarda bellenilişi ýaly, çäräniň barşynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda ornaşdyrylan sanly ulgamyň mümkinçilikleri hem-de harby gullukçylaryň hünär etikasy bilen baglanyşykly ýörite kanunçylyk namalary, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berildi. 13-nji oktýabra çenli dowam etjek sebitleýin okuwda işgärleri taýýarlamak we olaryň hünär-bilimlerini ýokarlandyrmak boýunça seminara gatnaşýan daşary ýurt wekilleri öz tejribelerini paýlaşarlar.