Alyp barýan iş geriminiň giňeldilýändigi sebäpli, «Alem Sport» dükanlar tory satyjy-maslahatçy hem-de menejer wezipelerinde işlemek üçin boş iş orunlarynyň bardygyny habar berýär. Satyjy-maslahatçy wezipesinde işlemek üçin isleg bildirýän gyzlar çagyrylýar. Esasy talaplar: ýaşy 21 — 27 aralygynda, Aşgabat şäherine ýazgyda duan bolmaly hem-de türkmen we rus dillerini bilmeli (gepleşik we ýazuw). Çalşyk boýunça iş tertibi: sagat 09:00-dan 16:00-a çenli we 16:00-dan 22:00-a çenli. Ortaça aýlyk zähmet haky — 3000 manatdan 5000 manada çenli. Iş orunlaryna dalaşgärler hökmany suratda şu salgylanma anketa ýollamalydyr. Ikinji iş ornuna — menejer wezipesine hem 20 ýaşdan 27 ýaşa çenli bolan gyzlar çagyrylýar. Iş tertibi: 12:00-dan 22:00-a çenli. Türkmen we rus dillerini bilmek hökman zerurdyr. Ortaça aýlyk zähmet haky — 3000 manatdan 5000 manada çenli. Anketany şu salgylanma ýollamaly. «Alem Sport» dükanynyň «Berkarar» SDAM-da ýerleşýän «Alem Sport apparels and shoes» hem-de «Alem Sport accessories and equipments» dükanlaryny özüne birleşdirýändigini ýatladýarys. Köp brendli sport dükanlary sportuň dürli görnüşleri bilen professional derejede türgenleşik taýýarlyklaryny geçmek isleýänler, şeýle-de işjeň durmuş ýörelgesine eýerýänler üçin ýokary hilli önümleriň köpdürli görnüşlerini ýetirýär. Habarlaşmak üçin: «Alem Sport accessories and equipments» dükany ýerleşýän salgysy: «Berkarar» SDAM, 1-nji gat, B6B dükany; telefon belgileri: (+993 62) 00 22 44, (+993 64) 34 57 57, (+993 12) 46 88 83; sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir