«Korkut Ata» film festiwalynyň estafetasy resmi taýdan Türkmenistanyň Änew şäherine geçirildi. Şoňa laýýklykda, festiwalyň degişli «Durna» nyşany Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň režissiýory S.Baýramowa gowşuryldy. Heýkeli gowşurmak dabarasy Bakuwda «Korkut Ata» türk dünýäsiniň halkara film festiwalynyň ýapylyş gününiň çäginde geçirildi. Ony Azerbaýjanyň medeniýet ministri Adil Karimli gowşurdy. Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Änew şäheri 2024-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. «Korkut Ata» — türki ýurtlaryň dürli şäherlerinde her ýyl geçirilýän halkara film festiwalydyr. Festiwal 2021-nji ýylda esaslandyryldy we türki dünýäsinde kinonyň ösmegini, şeýle hem türki halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýär. «Turkmenportal» ozal şu film festiwalynda Ahmet Amandurdyýewiň «Gyzyl alma» filmindäki ýerine ýetiren keşbi üçin «Iň gowy aktýor» ugry boýunça baýraga mynasyp bolandygy barada habar beripdi.