Russiýaly meşhur degişmeçi artist Waleriý Ponomarenko geçen ýylyň ahyrynda ýurduny täzelän ekiztaý dogany Aleksandrsyz özüne ýaşamagyň agyr degýändigini gürrüň berdi. Bu barada «Prozvezd» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. «Doganymy her gün ýatlaýaryn. Hemişe özüme: «Nämüçin beýle boldy?» diýip, sowal berýärin. Emma jogap tapamok» diýip, Waleriý aýtdy. Artist şeýle-de özüni şeýle agyr pursatlarda muşdaklarynyň hem-de üç çagasynyň, aýaly Ýelenanyň ruhy taýdan goldaýandygyny gürrüň berdi.