Şu gün Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanda adalata elýeterliligi ýokarlandyrmak: halkara hem-de Ýewropa kanunçylygynda we tejribesinde aklawçynyň orny» atly halkara maslahat öz işine başlady. Türkmenistanyň Adalat ministrligi hem-de Ýewropa Geňeşi tarapyndan bilelikde guralan halkara maslahata Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, adwokatlar birleşiginiň wekilleri, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Ýewropa Geňeşine agza ýurtlarynyň halkara hünärmenleri gatnaşýarlar. «Türkmenistanda adalata elýeterliligi ýokarlandyrmak: halkara hem-de Ýewropa kanunçylygynda we tejribesinde aklawçynyň orny» atly halkara maslahat Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen geçirilýär. Onuň dowamynda döwlet edaralarynyň, adwokatlar birleşiginiň wekilleri, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Ýewropa Geňeşine agza ýurtlarynyň halkara hünärmenleri milli adwokatlar birleşikleriniň adalata elýeterliligi gowulandyrmakdaky ähmiýetini ara alyp maslahatlaşarlar hem-de bu ugurda öňdebaryjy ýurtlaryň häzirki zaman tejribeleri boýunça pikir alşarlar. Halkara maslahatyň dowamynda öňe sürlen dürli başlangyçlar Türkmenistanda hukuk ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga kömek etjek hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine esas döreder. «Türkmenistanda adalata elýeterliligi ýokarlandyrmak: halkara hem-de Ýewropa kanunçylygynda we tejribesinde aklawçynyň orny» atly halkara maslahat öz işini 13-nji oktýabrda tamamlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir