Adaty karateniň türkmenistanly wekilleri Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda medallaryň dördüsine mynasyp boldular. Türgenleriň ikisi öz agram derejelerinde dünýä çempiony bolmagy başaran bolsalar, ikisi kümüş medalyň eýesi boldy. Bu barada ORIENT habar berýär. Dünýä çempionatynyň altyn medallaryny kumite boýunça Selim Myratdurdyýew we şahsy kata boýunça Nurgeldi Annagurbanow dagylar gazandy. Selim Myratdurdyýew kata boýunça hem hormat münberine çykdy. Ýöne ol bu görnüşde ikinji orny eýeledi. Edil şu görnüşde Eziz Zekirýaýew hem türkmen ýygyndysynyň gaznasyna bir kümüş medal goşdy. Dünýä çempionatyna Türkmenistandan sekiz türgen gatnaşdy. Şolaryň üçüsiniň dört medal gazanmagy olaryň ýokary derejedäki çykyşyndan habar berýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir