11-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmen-özbek Işewürler geňeşiniň 3-nji mejlisi geçirildi. Mejlisde Türkmen-özbek Işewürler geňeşiniň türkmen tarapynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow giriş sözi bilen çykyş edip, iki dostlukly ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýylsaýyn öňe ilerleýändigini nygtady hem-de Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň 3-nji mejlisiniň işiniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdi. Türkmen-özbek Işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibinden Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda söwda we ykdysady, senagat, ulag-logistika ýaly ugurlarda gatnaşyklaryň ösüşiniň geljegi, Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň taslamasynyň durmuşa geçirilişi we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegi bilen bagly meseleler orun aldy. Mundan başga-da, Türkmenistanda we Özbegistanda ikitaraplaýyn sergileri guramagyň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen-özbek Işewürler geňeşiniň 3-nji mejlisiniň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Jamşed Urakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň we agzalarynyň birnäçe duşuşyklary geçirildi.