Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde altynjy Merkezi Aziýa bilermenler maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Stra tegik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň başlygy Şiri Şiriýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada gyrgyz internet saýtynda habar berildi. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli strategiki barlarlar instituty hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi tarapyndan guralan foruma BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili Kaha Imnadze hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň strategiki gözlegler institutlarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, halkara guramalaryň wekilleri, syýasatçylar, garaşsyz bilermenler we KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. Forumda oňa gatnaşyjylar sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň aýratynlyklaryny, ileri tutulýan ugurlarda tagallalary birleşdirmek bilen bagly öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň başlygy Şiri Şiriýew öz çykyşynda «Dünýä we kontinental syýasatyň esasy merkezleriniň «C5+1» formatlary arkaly sebitleýin hyzmatdaşlygyň derejesinde köptaraplaýyn gatnaşyklara gyzyklanma bildirýändikleri hiç kim üçin syr däl. Tejribäniň görkezişi ýaly, synagdan geçen bu täze format, hyzmatdaş taraplaryň mümkinçiliklerini özüne çekmek bilen, esasan hem, sebitleýin ösüş maksatlaryna ünsi jemlemäge mümkinçilik berýär» diýip, belläp geçdi. Ş.Şiriýewiň aýtmagyna görä, şeýle çemeleşme Merkezi Aziýada parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça tagallalary öňe sürmekde, sebitleýin we global ösüş şertlerini göz öňünde tutup, hyzmatdaşlygyň maksatlaryna we wezipelerine özara düşünişmekde peýdalydyr. Bellenilişi ýaly, altynjy Merkezi Aziýa bilermenler forumynyň netijelerine esaslanylyp sebit integrasiýasyna degişli dürli ugurlar boýunça Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlaryna iberiljek teklipler işlenip taýýarlanylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir