Russiýaly we gazagystanly arheologlar Altaý Respublikasynyň Koş-agaç etrabyndaky Taldury derýasynyň ýakasynda gaýanyň ýüzüne çekilen gadymy şekilleri tapdylar, olar takmynan X – XIX asyrlar döwründe çekilen bolmaly diýlip, çak edilýär. Bu barada Altaý döwlet uniwersitetiniň «Uly Altaý» ylmy-bilim merkeziniň metbugat gullugy habar berdi diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan «Report.az» neşiri ýazýar. «Bize gaýanyň ýüzünde türki adamyň ýüz-keşbiniň hem-de atly söweşijiniň şekilini anyklamak başartdy. Olar has jikme-jik öwrenmegi talap edýär» diýip, ady tutulan uniwersitetiň Altaýyň arheologiýasy we etnografiýasy muzeýiniň direktory Ýaroslaw Frolow gürrüň berdi. Häzirki wagtda tapyndylaryň seljermesi geçirilýär. Alnan netijeler bilen Altaý döwlet uniwersitetinde şu ýylyň 18-20-nji oktýabrynda geçjek III Halkara Altaýy öwreniş forumynda tanyşdyrylar.