Katar Döwletiniň Doha şäheriniň Al-Bidda seýilgähinde geçirilýän “EXPO-2023” bagbançylyk boýunça halkara serginiň çäklerinde 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň milli gününiň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Onda giriş sözi bilen Katar Döwletiniň şäher we şäher meýilnamalaşdyryş ministri Abdulla bin Abdulaziz bin Türki Al Subai we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda şeýle hem türkmen artistleri çykyş edip, halkymyzyň baý medeni mirasy bilen myhmanlary tanyşdyrdylar. Halkara sergä gatnaşyjy myhmanlar Türkmenistanda ösýän baglar we ösümlikler bilen bezelen sergi pawilýony bilen tanyş boldular. Türkmenistanyň sergi diwarlygy esasan gurak howaly çäklerde suw üpjünçilik meselesine bagyşlanyp, onda ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak ulgamynda alyp barýan işleri beýan edilýär. Şeýle hem, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň goraghanalaryny, tebigy gözellikli we syýahatçylyk çäklerini goramak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumatlar hödürlenildi.“Daşky gurşaw üçin ýaşyl tebigat” şygary bilen geçirilýän halkara bagbançylyk sergisi şu görnüşde Ýakyn Gündogar sebitindäki gurak howaly çäkde geçirilýän ilkinji sergidir. Oňa dünýäniň 80-den gowrak döwletinden köp sanly kompaniýalar we guramalar gatnaşýarlar. Sergi çölleşmä garşy göreşmek we oba hojalygyny durnukly ösdürmek babatda innowasion çözgütleri hödürleýär. Dohanyň Al-Bidda seýilgähinde 170 gektar çäkde dürli ýurtlaryň baglaryny we diwarlyklaryny şöhlelendirýän halkara sergi giňişligi döredildi.