UEFA 2028-nji ýylyň futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň hojaýynlaryny tassyklady. Olar Beýik Britaniýa we Irlandiýa boldy. Bu barada championat.com habar berýär. Ýewro – 2028-iň oýunlarynyň Belfast, Birmingem, Kardiff, Dublin, Glazgo, Liwerpul, London, Mançester we Nýukasl şäherlerinde geçirilmegine garaşylýar. Ýewropa çempionaty UEFA-nyň düzümine girýän milli toparlaryň arasynda her dört ýyldan bir gezek geçirilýär. Ýewro – 2028 hasap boýunça 18-nji ýaryşdyr. Belläp geçsek, Ýewropa çempionaty – 2024 Germaniýada 10 şäherde we 10 stadionda geçiriler. Ýaryş 14-nji iýunda başlap, 14-nji iýulda tamamlanar. Final tapgyrynda, toparlaýyn tapgyrda 24 topar oýnar. Ýewropanyň futbol çempionatynyň häzirki ýeňijisi Ýewro – 2020-iň finalynda Londonyň “Uembli” stadionynda “Angliýany” oýundan soňky penalti tapgyrynda utan Italiýanyň toparydyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir