Apple iPhone 15 Pro-nyň we iPhone 15 Pro Max-yň käbir ulanyjylarynyň ekranyň garaňkyramagy bilen baglanyşykly bildirýän nägileliklerine resmi düşündiriş berdi. Şeýle näsazlyk ýüze çykan smartfon eýeleriniň barlatmak üçin resmi hyzmat merkezine ýüz tutup biljekdiklerini aýtdy. Barlag wagtynda munuň enjam bilen baglydygy anyklansa, smartfon çalşylyp berler ýa-da bejeriler. Şeýle-de bolsa, Apple käbir ýagdaýlarda ekrandaky galyndy şekiliň ulgam ýalňyşlygynyň netijesidigini aradan aýyrmaýar. Şeýle ýagdaýlarda täzelenmäniň çykmagyna garaşyp bilersiňiz. Her niçigem bolsa, smartfonda näsazlyk bar bolsa, 14 günüň içinde yzyna gaýtarylyp ýa-da çalşylyp bilner. Şondan soň kepillik hyzmatynyň şertleri güýje girýär. Geçen hepde Apple aşa gyzmak meselesini çözmeli iOS 17.0.3 programma üpjünçiligini çykardy. Emma synaglar gerek netijäni görkezmedi.