Katarda geçirilen Formula 1-iň çempionatynda McLaren toparynyň mehanikleri iň çalt duralga hyzmatyny etmekde rekord goýdular. Topar ulaga 1, 8 sekuntda hyzmat etdi diýip, DHL_Motorsports habar berýär. Mehanikler toparynyň rekord derejedäki çalt işi sürüjisi Lando Norrisiň üçünji orny eýelemegine mümkinçilik berdi. Çempionatyň soňky bäş tapgyrynyň jemleri boýunça McLaren Konstruktorlaryň kubogynda bäşinji orunda durýar we Aston Martin-den bolsa 11 utuk tapawudy bar. Öňki rekord 1,82 sekunt bolup, ol Red Bull topary tarapyndan 2019-njy ýylda Braziliýadaky tapgyrda goýlupdy. Ýöne häzirki wagtda ýaryş awtoulaglarynda 18 dýuýmlyk tigirler ulanylýan bolsa, şol döwürde awtoulaglara 13 dýuýmlyk ýeňil tekerler oturdylýardy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir