Ý.A. Gagarin adyndaky kosmonawtlary taýýarlaýyş mekrkeziniň başlygynyň orunbasary, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, şonuň ýaly-da TASS-yň HKS-daky ýörite habarçysy Oleg Kononenko we kosmonawt Nikolaý Çub 25-nji oktýabrda açyk kosmosa çykar. Bu barada Roskosmosdan TASS-a habar berildi. “Halkara kosmos stansiýasyndan rus maksatnamasy boýunça nobatdaky açyk kosmosa çykyş 2023-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda meýilleşdirilýär. Ony 70-nji uzak möhletli ekspedisiýa gatnaşyjylar – “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlary Oleg Kononenko we Nikolaý Çub amala aşyrar diýip, Döwlet korporasiýasynda bellediler. Roskosmos bu gezekki açyk kosmosa çykyşyň 2023-nji ýylda rus maksatnamasy boýunça altynjy boljakdygyny ýatlatdy. Kononenko uçuşyň öň ýanyndaky metbugat ýygnagynda žurnalistlere öz ekspedisiýasynyň 2023-nji ýylda rus maksatnamasy boýunça korablyň daşynda bir sany işiniň, 2024-nji ýylda ýene üçüsiniň meýilleşdirilendigini aýtdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir