Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy MIUI brendini 2010-njy ýyldan bäri Android ykjam operasion sistemasynyň ulanyjy interfeýsi üçin ulanýar. Indi resmi däl çeşmelerden öndürijiniň bu atdan ýüz öwürjekdigi we ýakyn wagtda ony MiOS bilen çalyşjakdygy belli boldy diýip, 3dnews.ru habar berýär. MIUI operasion sistemasynyň hereket eden ýyllary kompaniýa täsirli ulanyjy bazasyny ýygnamagy başardy. Bar bolan maglumatlara görä, häzirki wagtda MIUI gurluşlaryny her aý dünýäde 564 mln adam ulanýar. Iň soňky wersiýa MIUI 14 geçen ýylyň dekabr aýynda anons edildi. Internet çeşmeleriniň habaryna görä, wendor MIUI brendinden ýüz öwürmekçi bolýar we eýýäm operasion sistemanyň indiki wersiýasy MiOS diýlip atlandyrylar. Häzirki wagtda MiOS-yň Android üçin ulanyjy interfeýsiniň täze ady boljakdygy ýa-da Xiaomi-niň ykjam gurluşlar üçin öz operasion sistemasyny işläp düzýändigi belli däl. Öň Xiaomi-niň Android Open Source Project kody esasynda öz programma platformasyny çykaran Huawei-niň ýolundan gitjekdigi barada gürrüňler peýda bolupdy. Xiaomi-niň diňe bir smartfonlar we planşetler üçin däl, eýsem dakylýan gurluşlar we hatda elektromobiller üçin programma platformasyny işläp taýýarlaýandygy çaklanylýar. Bellenilişi ýaly, Xiaomi MiOS haryt nyşanyny we mios.cn domenini eýýäm hasaba aldy. Mundan başga-da, Hytaýyň HBS-inde MiOS-yň käbir ýerli işläp düzüjilere elýeterli bolan beta-wersiýasynyň çykandygy barada habarlar peýda boldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir