Apple amerikan korporasiýasy iPhone 16-nyň irki prototipini taýýarlap, nusgany eýýäm synagdan geçirdi. Bu barada Tengri Life neşiri habar berýär. Çeşmelere görä, kompaniýa Hytaýyň Çendu şäherinde önümçilik hataryny ýola goýdy. Dekabr aýynyň başynda ol ýerde beýleki smartfon prototipleri dörediler. Insaýderler 2024-nji ýylyň başyndan Apple-iň önümçiligi kem-kemden giňeltjekdigi barada habar berdiler. Ýagny, mart we aprel aýlarynda korporasiýa komponentleri üpjün edijiler bilen ylalaşmagy we gajetleriň önümçiligini gurnamakçy bolýar. Adatça, Apple-iň täze smartfonlarynyň köpçülikleýin önümçiligi tomusda başlaýar. Materialda täze seriýanyň dört modelden ybarat boljakdygy görkezilýär – bu iPhone 16, iPhone 16 Plus, iPhone 16 Pro we iPhone 16 Pro Max. Insaýderleriň maglumatlaryna görä, modeller çarçuwasyz dizaýna hem-de smartfonlary has berk, inçe we ýeňil etmäge kömek etjek täze materiallara eýe bolarlar. Mundan başga-da, Apple iň ýokary modellerde titan korpusyň üstünde işlemekçi bolýar.