11-nji oktýabrda Aşgabada resmi sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidan Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen gepleşikleri geçirdi. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň Metbugat gullugy habar berýär. Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini hem-de olaryň okgunly we üstünlikli ösýändigini bellediler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysynyň arasynda bolup geçen duşuşygyň möhüm ähmiýete eýedigi, onuň dowamynda türkmen-türk hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň kesgitlenendigi nygtaldy. Ministrler syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň mundan beýläk ösdürilmegi, parlamentara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, şertnama-hukuk binýadyň berkidilmegi baradaky meseleleriň giň toplumyna seretdiler. Taraplar daşary söwda ulgamynda, energetika, ulag, gurluşyk we senagat, dokma pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir