11-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Aşgabada resmi sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Ministrler syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň mundan beýläk ösdürilmegi, parlamentara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, şertnama-hukuk binýadyň berkidilmegi baradaky meseleleriň giň toplumyna seretdiler. Taraplar daşary söwda ulgamynda, energetika, ulag, gurluşyk we senagat, dokma pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar. Ylym we bilim, sport, saglygy goraýyş ugurlarda üstinlikli özara hyzmatdaşlygyň, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň netijeli amala aşyrylýandygy babatynda hem bellenildi.