Şu gün, 11-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, ugradylan ynsanperwer ýüki Owganystana bardy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugy habar berdi. Ynsanperwer ýüküň düzüminde derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler, dokma we azyk önümleri bar. Ynsanperwer ýük Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde ugradyldy. Bu kömek 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Owganystanyň Hyrat welaýatynda bolup geçen tebigy betbagtçylyga duçar bolan adamlara ruhy goldaw bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir