12-nji oktýabrda Türkmenistanda howanyň birden sowamagyna, köp şäherlerde bolsa, güýçli ýagşyň ýagmagyna garaşylýar diýip, Gismeteo meteorologiýa gullugy habar berýär. Aşgabatda howanyň iň ýokary çägi +20 gradusdan geçmez. Gündizine 15,3 mm-e çenli ygal düşer. Hepdäniň ahyryna çenli howanyň gündelik ortaça temperaturasy +16 ... +13 gradus aralygynda bolar. Penşenbe güni Balkanabatda howanyň maksimal temperaturasynyň +18 gradus bolmagyna garaşylýar. Çarşenbe güni başnanan ýagyş ir ertir hem dowam eder. 4,9 mm-e çenli ygal düşer. Ýekşenbä çenli howanyň gündelik ortaça temperaturasy +15 ... +16 gradus bolar. Penşenbe güni Daşoguzda howanyň temperaturasy +13 gradusa düşer. 2,1 mm-e çenli ygal düşüp biler. Tizligi sekuntda 16 metre ýetýän güýçli şemalyň öwüsmegine garaşylýar. Hepdäniň ahyryna çenli gündelik ortaça temperatura +11 gradus bolar. Maryda penşenbe güni howanyň maksimal temperaturasy +24 gradusa çenli düşer. 2,9 mm-e çenli ygalyň düşmegine we tizligi sekuntda 16 metre ýetýän şemalyň öwüsmegine garaşylýar. Anna güni howanyň temperaturasy +17 gradusa düşer, hepdäniň ahyryna çenli howanyň ortaça gündelik temperaturasy +12 ... +15 gradus aralygynda bolar. Türkmenabatda penşenbe güni howanyň iň ýokary çägi +24 gradusa düşer. Şäherde az-kem ýagyş ýagyp, güýçli şemal öwser. Hepdäniň ahyryna çenli howanyň temperaturasy +11 .... +12 gradus aralygynda bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir